HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Täjigistan hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň uly bukjasyna gol çekdiler

Maý 10, 2023 | 09:53 |12849
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň baştutany Emomali Rahmon bilen Duşenbedäki gepleşikleriniň jemleri boýunça 24 resminama gol çekildi – diýip,  TR-nyň lideriniň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň baştutany Emomali Rahmon bilen Duşenbedäki gepleşikleriniň jemleri boýunça 24 resminama gol çekildi – diýip,  TR-nyň lideriniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: president.tj

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň baştutany Emomali Rahmon bilen Duşenbedäki gepleşikleriniň jemleri boýunça 24 resminama gol çekildi – diýip, TR-nyň lideriniň saýtynda habar berilýär.

Döwlet baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama gol çekdiler, ony Rahmon taryhy we sebitiň ösüşiniň we durnuklylygynyň faktory diýip atlandyrdy.

Wekiliýetleriň ygtyýarlandyrylan agzalary 23 resminama gol çekdiler. Olaryň arasynda hökümetleriň arasyndaky saglygy goraýyş, weterinariýa, halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek, maglumaty tehniki goramak, ösümlikleriň karantini ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar bar.

Şeýle hem aşakdaky resminamalara gol çekildi:

— Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy»;

— Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);

— Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama;

— Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyk;

— Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasyndaky Ylalaşyk;

— Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd oblastynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

— Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama;

— Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026