HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Näme? Nirede? Haçan?» ýaryşy geçirildi

Maý 08, 2023 | 02:10 |11771
Aşgabatda Halkara intellektual oýunlar birleşiginiň howandarlygynda we «Igra-TW» teleýaýlym kompaniýasynyň ygtyýarnamasy bilen «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport boýunça bäsleşigi geçirildi.Aşgabatda Halkara intellektual oýunlar birleşiginiň howandarlygynda we «Igra-TW» teleýaýlym kompaniýasynyň ygtyýarnamasy bilen «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport boýunça bäsleşigi geçirildi.
Çeşme: автора

Aşgabatda Halkara intellektual oýunlar birleşiginiň howandarlygynda we «Igra-TW» teleýaýlym kompaniýasynyň ygtyýarnamasy bilen «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport boýunça bäsleşigi geçirildi.

Ýaryşa dürli ýaş kategoriýalarynyň: mekdep okuwçylaryndan we talyplardan başlap, eýýäm şeýle bäsleşiklere gatnaşan tejribeli ussatlara çenli wekilleri bolan 30-dan gowrak topar gatnaşdy.

1683464409143.JPEG

Meşhur oýnuň sport görnüşiniň telewizorda görkezilýänden tapawudy, teletomaşaçylaryna garşy oýnaýan bir toparyň ýerine, oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden biri-biri bilen bäsleşýän köp toparlar gatnaşýarlar.

Oýlanmak üçin bir minut, hersi 15 soragdan dört tapgyr bolup, intellektual gözden geçirilişde edebiýatyň, taryhyň, sportuň we beýleki ugurlaryň soraglary bar.

1683464441746.JPEG

― Biziň sargydymyz boýunça soraglar şul oýny beýleki ýurtlarda: Russiýada, Gyrgyzystanda, Ermenistanda-da oýnaýan ussatlar tarapyndan işlenip düzüldi. Olar şeýle çäreler üçin hünär derejesinde yzygiderli soraglar ýazýarlar. Soraglaryň ugry taryhy, geografiýany, islendik pudagy öz içine alýan giň göwrümlidir, - diýip guramaçylaryň biri bolan Roman Bespalow ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi. – Bu ýaryş hakda oýlananymyzda, birbarad hem ýaryşar ýaly, täze zat öwrener ýaly we bilimleriňizi paýlaşar ýaly çärelere gyzyklanma döretmek isledik.

1683464465420.JPEG

Intellektual bäsleşigiň netijelerine görä, düzümi Roman Bespalowdan, Roman Teplýakowdan, Roman Magomedowdan, Daniil Maýakowskiden, Wladimir Mkrtumowdan we Ýelena Kuliýewadan ybarat bolan «Köne gwardiýa» topary ýeňiji boldy. Topar berlen 60 soragyň arasynda 31-ne dogry jogap berdi.

1683464536678.JPEG

Ikinji orunda 29 soraga dogry jogap beren «Wa-Bank» topary ýerleşdi. Liderleriň üçlügini 28 sany dogry jogap bilen «Altyn Asyr» topary ýapdy.

Artur Petrosýans

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026