Merkezi Aziýa Waldaýy maý aýynyň ortalarynda Tomskda geçiriler


16-17-nji maýda Tomsk şäherinde “Waldaý” Halkara diskussiýa klubynyň III Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler. Forumyň mowzugy – "Russiýa we Merkezi Aziýa: üýtgeýän dünýä bilen baglanyşyk". Çekişme Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň nirede kesişýändigine we nirede ähliumumy wakalaryň many-maksady bilen çapraz gelýändigine düşünmeklige bagyşlanýar.
Klubyň Merkezi Aziýa maslahatynyň wezipesi Russiýanyň we daşary ýurtly bilermenlerine bu meseleleri seljermäge we bolup geçýän üýtgeşmelere jogap hereketleri ylalaşmaga mümkinçilik bermekden ybarat.
Merkezi Aziýa Waldaýy iki gün dowam eder. Maslahat maksatnamasy açylyşdan, dört tematiki sessiýadan we açyk çekişmeden ybarat bolar. Maslahatyň açylyşy we ilkinji sessiýa (16-njy maý), şeýle hem jemleýji açyk çekişme (17-nji maý) metbugata we halk köpçüligine elýeterli bolar we klubyň saýtynda ýaýlyma berler.
ORIENT news








