Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OTG Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine goşulmaga çagyrdy

Maý 03, 2023 | 14:22 |8106
Türki dilli döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow şekilli aragatnaşyk arkaly «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) Aşgabat maslahatynda çykyş etmek bilen Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine birikmäge çagyrdy.Türki dilli döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow şekilli aragatnaşyk arkaly «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) Aşgabat maslahatynda çykyş etmek bilen Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine birikmäge çagyrdy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türki dilli döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow şekilli aragatnaşyk arkaly «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) Aşgabat maslahatynda çykyş etmek bilen Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine birikmäge çagyrdy.

«Deňiz we gury ýer portlary ýaly ulag operatorlarynyň, şeýle hem logistiki merkezleriň arasynda utgaşdyrmany güýçlendirmek üçin biz Sister Ports mehanizmini döretdik. Biz Türkmenistanyň deňiz portlaryny bu ulgama çagyrýarys. Bu tora birikmek bilen Türkmenistanyň deňiz portlary beýleki portlaryň tejribesini we serişdelerini ulanyp biler, şeýle hem oňa özleriniň ajaýyp bilimlerini we mümkinçiliklerini girizip bilerler» - diýip, Azimow çykyşynda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Azimow Türkmenistanyň demir ýol pudagy babatynda özara arabaganyşyga işjeň gatnaşýandygyny belledi. Bu babatda OTG-nyň baş sekretarynyň orunbasary Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol geçelgesiniň gurulmagy Türkmenistan üçin Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag çatrygy hökmünde goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026