HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TRACECA maksatnamasy ýurtlaryň utgaşykly hereketlerine möhüm änmiýet berýär

Maý 03, 2023 | 18:07 |11369
Aşgabat ITTC-2023 ulag maslahatyna gatnaşyjylar ulag we logistika pudagynda halkara geçelgäni emele getirmek bilen, sebit aragatnaşygyny üpjün edýän häzirki zaman şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler, - diýip,  TRACECA-nyň Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew çykyşyna başlady.Aşgabat ITTC-2023 ulag maslahatyna gatnaşyjylar ulag we logistika pudagynda halkara geçelgäni emele getirmek bilen, sebit aragatnaşygyny üpjün edýän häzirki zaman şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler, - diýip,  TRACECA-nyň Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew çykyşyna başlady.
Çeşme: orient.tm

Aşgabat ITTC-2023 ulag maslahatyna gatnaşyjylar ulag we logistika pudagynda halkara geçelgäni emele getirmek bilen, sebit aragatnaşygyny üpjün edýän häzirki zaman şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler, - diýip, TRACECA-nyň Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew çykyşyna başlady.

Häzirki zaman geosyýasy binagärligi örän ykjam we ulag geçelgeleriniň emele gelmeginde öz şertlerini öňe sürýär. Bu hakykatlara ýük gatnawlary käwagt iň gysga we amatly ugurlary saýlamak mümkinçiligi bolmazdan, örän gysga wagtyň içinde uýgunlaşmaly bolýar. Şeýle ýagdaýlar harytlary daşama möhletine we wagtyna öz täsirini ýetirýär.

1683107032740.JPEG

Beýleki tarapdan, ýüze çykýan her bir çylşyrymlylyk täze mümkinçilikleri açýar we döwlet gurluşlarynyň we işewür toparlaryň häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek üçin işjeň çäreleri döretmekde alyp barýan işleriniň netijeliligini üpjün edýär. Şunda esasy üns ulag gatnaw işlerini we resminamalary ýönekeýleşdirmeklige berilýär – diýip, Aset Asawbaýew sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, geçelge döretmekde esasy üns halkara gatnaşyklaryna we ýurtlaryň utgaşdyrylan hereketlerine berilýär. Şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly şu ýyl 30 ýaşyny doldurýan Ýewropa Bileleşiginiň TRACECA (Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi) maksatnamasydyr. Ol 1993-nji ýylda Brýusselde geçirilen konferensiýada Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň söwda we ulag ministrleri tarapyndan öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde maslahata gatnaşyjylar Brýussel Jarnamasyny kabul etdiler.

Aset Asawbaýew: “Maksatnamanyň döreýşiniň gözbaşynda duran Türkmenistan geçen ýyl TRACECA halkara ulag geçelgesini ösdürmek baradaky köptaraplaýyn ylalaşyga goşulmak isleýändigini aýtdy” - diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026