HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň täze Konstitusiýasy ýurduň ösüşine ýardam eder – Serdar Berdimuhamedow

Maý 02, 2023 | 16:13 |7364
Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, bu Türkmenistanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, goňşy ýurduň ösüşine ýardam eder.Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, bu Türkmenistanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, goňşy ýurduň ösüşine ýardam eder.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, bu Türkmenistanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, goňşy ýurduň ösüşine ýardam eder.

Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda Özbegistanyň raýatlarynyň sala salşyga işjeň gatnaşmagynyň ýurduň baştutanynyň giňden goldanylýandygyna we amala aşyrylýan özgertmelere doly düşünýändiklerine şaýatlyk edýändigini belledi.

Prezident sala salşygyň açyklyk ýagdaýynda we demokratik ýörelgeleriň esasynda geçendigini nygtady. Ol şeýle hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk giňeldilmegine ygrarlydygyny beýan etdi.

Şawkat Mirziýoýewe we Özbegistanyň halkyna gutlag sözlerini şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem iberdi.

«Özbegistanyň işjeň halkara gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň syýasy giňişliginde öz işlerini täze gujur-gaýrata esaslanyp dowam etdirjekdigini, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze garaýyşlary öňe sürjekdigini berk ynam bilen aýdyp bilerin» - diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň iberen gutlag hatynda aýdylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026