Galkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün eder


Galkynyş gaz ýatagyny işlemegiň üçünji tapgyry Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça her ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazyň iberilmegini üpjün eder – diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen beýan etdi.
Häzirki wagtda synag-senagat ulanyş döwründe ýerleşýän Galkynyş gaz ýatagy gazyň ajaýyp gorlaryna eýedir, onuň golaýdaky Ýaşlar we Garakel gaz ýataklary bilen bilelikdäki möçberi 27,4 trillion kub metr hasaplanýar.
Gaz ýatagynyň uly meýdany we gazyň uly gorlary bilen baglanyşyklykda gaz ýatagyny tapgyrlaýyn özleşdirmek startegiýasy kabul edildi, her tapgyr bolsa öz gezeginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilip, anyk taslamalar boýunça özleşdirilýär.
Öz içine ugurdaş üç liniýany (A, B we Ç) alýan we Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýän 2009-njy ýylyň aýagynda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý magistral gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysydyr.
«Hytaýda gazyň sarp edilişi artýar. Ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, gaz geçirjiniň dördünji liniýasy işe girizilenden soňra, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi ýylda 65 milliard kub metre çenli artmalydyr – diýip, Batyr Amanow aýtdy. – Täze, 4-nji liniýanyň HHR-na çenli ugry Türkmenistanyň araçäginden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen çekiler. Hytaýa goşmaça ýylda 25 milliard kub metr gazyň meýilnamalaýyn iberilmegini üpjün etmek üçin Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmegiň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär».
«Türkmengazyň» ýolbaşçysy gaz ýatagyny özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde Petrofac, CNPC we Hyundai Engineering kompaniýalary harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ýerüsti we ýerasty desgalary enjamlaşdyrdylar.
Häzirki wagtda guýulary burawlap başlamak we ikini tapgyry enjamlaşdyrmak boýunça gepleşikler we şertnamanyň jikme-jikligini ylalaşmak geçirilýär.
Forumyň çäklerinde Gaffney Cline kompaniýasyndan konsultantlaryň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleriniň bu ýatagyň täzelenen geologik-gidrodinamiki modelini taýýarlamagyň çäklerinde, Galkynyş ýatagyny işlemegiň ýedi tapgyryny taslamak boýunça bilelikdäki işiniň netijeleri has anyk görkeziler.
Türkmenistan Aziýanyň nebit-gaz bazarynyň iri oýunçylarynyň biridir. Ýurduň uglewodorod serişdelerine 71 mlrd tonna nebit ekwiwalenti hasabynda baha berilýär, olardan 20 mlrd tonnadan gowrak nebit we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazdyr. Bu sanlara laýyklykda häzir Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra dünýäde dördünji ýerde durýar.
Türkmenistanyň Dubaýda geçirilýän maýa goýum forumy milli nebit gaz kompaniýalary bilen halkara maýa goýumçylaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin täze geljegi açmaga niýetlenendir.
Forumyň işine Türkmenistanyň döwlet gurluşlarynyň we öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Dünýäniň nebit-gaz kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleri tanyşdyryşlar bilen çykyş ederler, edinilen tejribäni paýlaşarlar. Wekiliýetlere Türkmenistanyň nebit-gaz bazarynyň we soňky maýa goýum taslamalarynyň syny hödürleniler.
Bu iri nebit-gaz biznes forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine özara hereketiň möhüm meselelerini maslahatlaşmak ýa-da özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak mümkinçiligi berler.
ORIENT habarlar








