HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 36 desgany bäsleşikli söwda çykarýar

Aprel 18, 2023 | 11:32 |11111
10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdadaky iň gymmat lot 2016-njy ýylda Aşgabatda G. Kulyýew köçesiniň ugrunda gurlan «Nur zaman» we «Damjaly baglar» dolandyryş binalary (18 we 19-njy lotlar) bolar. Desgalaryň ikisiniň-de başlangyç bahasy 51 mln manatdan ýokarydyr. Täze döwrebap binalary işewürlik üçin kärendesine dürli maksatlar bilen berip bolýar.

Bäsleşikli söwdada iň pes başlangyç baha Lebap welaýatynyň «Hojambaz» alyjylar jemgyýetiniň limon ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasy (11-nji lot) üçin bolar. Bu desgany geljekdäki maýa goýumçy 71,6 müň manada satyn alyp biler.

Şeýle hem maýa goýumçylara hususy eýeçilige satylýan Daşoguzyň jemagat abatlaýyş-gurluşyk trestiniň turba zawodyna üns bermek bolar (26-njy lot). Onuň bäsleşikli söwdadaky başlangyç bahasy — 17,7 mln manatdyr.

Bäsleşikli söwda 10-njy maýda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda şu salgyda geçer: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 156. Şeýle hem e.fineconomic.gov.tm saýty arkaly ýa-da bu platformanyň ykjam goşundysy arkaly sowda onlaýn görnüşde gatnaşyp bolýar.

Öňde boljak söwdalaşyklardaky lotlaryň doly sanawy bilen şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026