HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk kurortlary möwsümde 60 milliard dollar gazanmagy meýilleşdirýär

Aprel 15, 2023 | 00:09 |6184
Türkiye 2023-nji ýylda rekord derejede 60 million adamyň gelmegine garaşýar. Bu barada Türk Ortaýer deňzi syýahatçylyk otelýerleri we operatorlary birleşiginiň (AKTOB) prezidenti Kaan Kaşif Kawaloglu habar berdi – diýip, Anadolu agentligi ýazýar.Türkiye 2023-nji ýylda rekord derejede 60 million adamyň gelmegine garaşýar. Bu barada Türk Ortaýer deňzi syýahatçylyk otelýerleri we operatorlary birleşiginiň (AKTOB) prezidenti Kaan Kaşif Kawaloglu habar berdi – diýip, Anadolu agentligi ýazýar.
Çeşme: civitatis

Türkiye 2023-nji ýylda rekord derejede 60 million adamyň gelmegine garaşýar. Bu barada Türk Ortaýer deňzi syýahatçylyk otelýerleri we operatorlary birleşiginiň (AKTOB) prezidenti Kaan Kaşif Kawaloglu habar berdi – diýip, Anadolu agentligi ýazýar.

Syýahatçylaryň köpelmegi bilen ýurt syýahatçylyk pudagyndan gelýän girdejiniň hem artmagyna garaşýar. “Dünýä syýahatçylygyny Türkiýe ýa-da Antalýa bolmasa, göz öňüne getirip bolmaz. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň 99 göterimi diýen ýaly, hyzmatlardan hoşal. 2023-nji ýylda syýahatçylykdan gelýän girdejileriň azyndan 55 milliard dollar boljakdygyna ynanýaryn. Maksat – 60 milliard dollar derejesine ýetmek. Bu ýyl syýahatçylyk girdejileri boýunça rekord ýyl bolar" – diýip, Kawaloglu aýtdy.

Türkiýe, esasanam Antalýa welaýaty, sagdyn we howpsuz syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemekde öňdebaryjy bolany üçin, Angliýada, Germaniýada, Benelýuks, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda syýahatçylyk operatorlarynyň hemmesinde diýen ýaly uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2019-njy ýylda ýurt dünýä syýahatçylyk pudagynda rekord goýdy. Şu ýyl Antalýa azyndan 15 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Muny myhmanhanalaryň köpüsiniň öňümizdäki möwsüm üçin eýýäm doludygyny habar beren türk myhmanhanalarynyň eýeleri tassykladylar. Olar iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlarynda myhmanhana otaglarynyň 100 göteriminiň bron edilendigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026