Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Birbada iki Özbek şäheri – Daşkent we Samarkand GDA-2024-iň paýtagty bolar

Aprel 14, 2023 | 18:20 |11055
Özbegiýanyň iki şäheri 2024-nji ýylda Arkalaşygyň mowzuklaýyn paýtagty diýlip yglan edildi - Samarkand GDA-nyň medeni paýtagty, Daşkent bolsa ýaşlar paýtagty bolar. Bu teklibiň GDA-nyň Özbegistandaky Daşary işler ministrler geňeşinde anna güni berilendigi barada Rossiýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow metbugat-konferensiýasynda aýtdy, - diýip «Sputnik Özbegistan» habar berýär.Özbegiýanyň iki şäheri 2024-nji ýylda Arkalaşygyň mowzuklaýyn paýtagty diýlip yglan edildi - Samarkand GDA-nyň medeni paýtagty, Daşkent bolsa ýaşlar paýtagty bolar. Bu teklibiň GDA-nyň Özbegistandaky Daşary işler ministrler geňeşinde anna güni berilendigi barada Rossiýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow metbugat-konferensiýasynda aýtdy, - diýip «Sputnik Özbegistan» habar berýär.
Çeşme: sputnik Uzbekistan

Özbegiýanyň iki şäheri 2024-nji ýylda Arkalaşygyň mowzuklaýyn paýtagty diýlip yglan edildi - Samarkand GDA-nyň medeni paýtagty, Daşkent bolsa ýaşlar paýtagty bolar. Bu teklibiň GDA-nyň Özbegistandaky Daşary işler ministrler geňeşinde anna güni berilendigi barada Rossiýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow metbugat-konferensiýasynda aýtdy, - diýip «Sputnik Özbegistan» habar berýär.

Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi 14-nji aprelde Samarkantda geçirildi. Oňa Arkalaşygyň ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretary gatnaşdylar. Forum Gyrgyzystanyň ýolbaşçylygynda geçirilýär.

Sammitde wekiller Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryndaky on töweregi meselä garadylar. Mowzuklaryň biri Özbegistan şäherlerine mowzuklaýyn statusyň berilmegi boldy.

«2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty statusyny Samarkand şäherine hem-de şol ýyl GDA-nyň ýaşlar paýtagty statusyny Daşkende bermek Özbegistanyň GDA-nyň arasyndaky gatnaşyklara işjeň gatnaşmagynyň aýdyň subutnamasydyr», - diýip Arkalaşygyň baş sekretary Sergeý Lebedew mejlisde belledi.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy 1991-nji ýylyň dekabrynda SSSR dargansoň döredildi. Arkalaşygyň düýbüni tutanlar Russiýa, Belarus we Ukraina boldy. Soňra oňa Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan goşuldy. 2023-nji ýylda GDA başlyklyk edýän ýurt Gyrgyzystandyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026