HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda 16-njy “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy geçiriler

Aprel 17, 2023 | 23:53 |14795
Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti Aşgabatda iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti Aşgabatda iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.
Çeşme: tv.online.tm/

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti Aşgabatda iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.

Hususan-da, koreýaly myhmanlar Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň kanunçykaryjy guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryna garadylar.

визит 1.jpg

Hyzmatdaşlygyň köptaraply gün tertibi Koreýanyň parlamentarileriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze itergi bolup hyzmat edendigi bellendi.

визит 2.jpg

Duşuşyklarda Hökümetara türkmen-koreý toparynyň söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýynça möhüm ornuna üns berildi. Ylym, bilim, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, medeni-gumanitar pudaklarda özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem, türkmen tarapy şu ýyl Aşgabatda geçiriljek 16-njy “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna taýýarlygyň gidişi barada habar berdi.

визит 3 три (1).jpg

Saparyň dowamynda Koreýanyň wekiliýeti nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Mundan başga-da, myhmanlar Kopetdagyň etegindäki atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler, ajaýyp ahalteke bedewlerine syn etdiler, türkmen çapyksuwarlarynyň sirk çykyşlaryna tomaşa etdiler, täze Arkadag şäherindäki binagärlik panoramasy bilen tanyş boldular.

4 а.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026