HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Erdogan: Global maliýe dartgynlyk merkezleri barha günbatardan gündogara süýşýärler

Aprel 17, 2023 | 21:50 |5606
Duşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Umraniýede Stambulyň Maliýe Merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Duşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Umraniýede Stambulyň Maliýe Merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çeşme: tccb.gov.tr

Duşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Umraniýede Stambulyň Maliýe Merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada eden çykyşynda: «Stambulyň Maliýe Merkezi – bu Türkiýäniň ornuny dünýä ykdysadyýetindäki berkitmek we ýurdumyzy sebitleýin hem-de geljekde global maliýe merkezine öwürmek üçin işlenip düzülen geljegi nazara alýan taslama», - diýdi.

Erdoganyň pikiriçe, global maliýe dartgynlyk merkezleri barha günbatardan gündogara tarap süýşýär we Nýu-Ýork, London we Frankfurt ýaly köp asyrlyk maliýe merkezlerine soňra Dubaý, Singapur we Gonkong ýaly möhüm maliýe merkezleriniň birleşendigini ýada salýar. Türk lideri bu nukdaýnazardan Gündogar bilen Günbataryň arasynda geografiki we söwda köprüsi bolup hyzmat eden Stambulyň häzirki wagtda dünýäniň iki bölekleriniň maliýe bazarlarynyň arasynda şol bir baglanyşygy döredip biljekdigini aýtdy.

«Taryh boýunça ýurdumyzyň maliýe merkezi bolan Stambul, indi ýene bir gezek bu möhüm wezipäni öz üstüne alýar. Maliýe merkezi täze maliýe ekoulgamyny döretmäge we Türkiýäni maliýe güýçleriniň ýokary ligasyna çykarmaga mümkinçilik berer», - diýip Erdogan belledi.

«Şeýle hem, bu ugurda ösmek we maýa goýmak isleýän maliýe tehnologiýalary we blokçain tehnologiýalary pudagynda işleýän ýaş telekeçilere goldaw bereris», -diýip metbugat gullugy türk lideriniň sözlerine salgylanýar.

Ekologiýa taýdan arassa we nol galyndylaryna laýyk gelýän aýratynlyklary bolan akylly şäheriň nusgasy esasynda gurlan bu merkez takmynan 100 müň adamy iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bolup, eýýäm üç sany döwlet eýeçiligindäki türk banky oňa göçüp başlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026