HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýedäki merkeziň üsti bilen gaz satyn almak isleýän Ýewropa ýurtlary agzaldy

Aprel 17, 2023 | 19:49 |6361
Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň döredilýän türk gaz merkeziniň üsti bilen gaz satyn almak isleýändigini Türkiýäniň energiýa ministri Fatih Donmez NTV kanalynyň ýaýlymynda habar berdi.Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň döredilýän türk gaz merkeziniň üsti bilen gaz satyn almak isleýändigini Türkiýäniň energiýa ministri Fatih Donmez NTV kanalynyň ýaýlymynda habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň döredilýän türk gaz merkeziniň üsti bilen gaz satyn almak isleýändigini Türkiýäniň energiýa ministri Fatih Donmez NTV kanalynyň ýaýlymynda habar berdi.

«Biz gaza mätäç Ýewropa ýurtlary bilen aragatnaşyk saklaýarys. Merkez baradaky teklibimizi ilkinji bolup Bolgariýa goldady we biz ýylyň başynda ylalaşyk gazanyp, eltip bermäge başladyk. Demirgazyk Makedoniýadan kärdeşlerimiz hem gaz satyn almaga taýýardyklaryny beýan etdiler - bu gepleşikler dowam edýär. Rumyniýa bilen hem gaty oňyn netijeleri gazandyk. Bu ýurt köpden bäri biziň üstimiz bilen gaz almak isleýär ... Wengriýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina hem gaz satyn almak isleýändiklerini aýtdylar», - diýip Dönmez nygtady.

Ministriň sözlerine görä, Türkiýe gaz geçirijileri arkaly we LNG tankerleriniň kömegi bilen ýylda 100 milliard kub metr gaz alýar.

«Biz bu göwrümden 55-60 milliard kub metr ulanýarys, galan 40 milliardyny Ýewropa arkaýyn satyp bileris ... Gürrüň Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi barada hem gidýär. Merkeziň üsti bilen berilýän gazy Ýewropanyň gaz paýlaýyş ulgamyna birikdirip bolar», - diýip ministr belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026