HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň kiçi telekeçilerini eBay-de dükan döretmäge kömek edip biljek taslama çagyrýarlar

Aprel 17, 2023 | 17:30 |10551
Türkmenistanyň kiçi telekeçileriniň eBay Central Asia Hub 2023 taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryny tabşyrmak prosessi başlandy. Bu başlangyç USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasy bilen Halkara maliýe merkeziniň Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.Türkmenistanyň kiçi telekeçileriniň eBay Central Asia Hub 2023 taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryny tabşyrmak prosessi başlandy. Bu başlangyç USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasy bilen Halkara maliýe merkeziniň Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.
Çeşme: pinterest.com

Türkmenistanyň kiçi telekeçileriniň eBay Central Asia Hub 2023 taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryny tabşyrmak prosessi başlandy. Bu başlangyç USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasy bilen Halkara maliýe merkeziniň Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

Hab okuwlaryna gatnaşmaga we iri platforma eBay-de dükan döretmek boýunça şahsy maslahatlary almak mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Saýlanan dalaşgärler şeýle hem halkara müşderilerden töleg almakda, DHL poçtasyndan ýörite nyrhnamalara eýe bolmakda kömek alarlar, şeýle hem öz önümlerini Merkezi Aziýa habynda satyp başlamaga we öňe sürmäge býujet alarlar.

Gatnaşyjylara bolan talaplar:

— Ajaýyp önümleri öndürijiler ýa-da sungat eserlerini döredijiler. eBay-iň Demirgazyk Amerika we Ýewropa satyn alyjylaryny (müşderilerini) esasan köpçülikleýin öndürilmeýän harytlar, özboluşly harytlar gyzyklandyrýar. Mysal üçin, elde dokalan halylar, don ýa-da keçe şypbyk ýaly milli egin-eşikler, öý üçin bezeg — ýorgan, kiçijik suratlar, beýleki senetçilik işleri we sungat eserleri.

— Merkezi Aziýa ýurtlarynda: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, Özbegistanda hasaba alnan we öz işini alyp barýan bolmaly.

— eBay-de dükan döretmekligiň üstünde üç aýyň dowamynda her hepdede üç sagat okamaga we işlemäge taýýar bolmaly.

Gyzyklanýan şahslar ýüz tutmalary onlaýn görnüşde 30-njy aprele çenli ugratmaly.

25-nji aprelde onlaýn-formatda maglumat beriji-tanyşlyk duşuşygy bolar, onuň çäklerinde gurnaýjylar eBay-iň Merkezi Aziýa habyna gatnaşmagyň artykmaçlyklaryny görkezerler we ähli gyzyklnadyrýan soraglara jogap bererler.

Duşuşyk Zoom platformasynda Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026