HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Diplomatlar we Ýaponiýadan gelen mugallymlar TMDDI-nyň talyplarynyň ýapon dili derejesine baha berdiler

Aprel 17, 2023 | 10:45 |12369
D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty çäräniň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi, onuň barşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary Ýaponiýadan gelen myhmanlara dilewarlyk sungatynyň başarnyklaryny görkezdiler.D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty çäräniň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi, onuň barşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary Ýaponiýadan gelen myhmanlara dilewarlyk sungatynyň başarnyklaryny görkezdiler.
Çeşme: D.Azady adyndaky TMDDI tarapyndan berildi

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty çäräniň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi, onuň barşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary Ýaponiýadan gelen myhmanlara dilewarlyk sungatynyň başarnyklaryny görkezdiler.

Sözleýiş başarnyklaryny bilmek boýunça «meliglosslaryň» bäsleşigi doly ýapon dilinde geçdi. Türkmen talyplaryna Ýaponiýanyň ilçihanasynyň üç wekili we medeni alyş-çalyşa we dünýäde ýapon dilini öňe sürmäge jogap berýän Ýapon gaznasynyň iki mugallymy baha berdiler.

Bäsleşigiň gatnaşyjylarynyň arasynda diňe TMDDI-nyň talyplary däl, eýsem başga-da bir ýokary okuw mekdebiniň – Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary hem boldular.

Bu ýokary okuw mekdebi Günüň dogýan ýurdunyň dilini öwrenmekde iň netijeli ýokary okuw mekdepleriniň biri hökmünde özüni tanatdy. Bu ýokary okuw mekdebiniň işine Sukuba Uniwersitetiniň hünärmenleri gatnaşýarlar, olar nanotehnologiýa ugry boýunça okaýan kiçi kurslary okadýarlar.

Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw maksatnamasy okatmagyň ýapon modeli boýunça hereket edýän ýurtdaky ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir.

Bäsleşigiň barşynda iki topara bölünen 12 gatnaşyjy erkin temadan ýapon dilinde öňünden taýýarlanan çykyşlaryny okadylar. Soňra olar öz gyzyklanmalary barada gürrüň bermeli boldular. Düzüminde ýapon wekiliýeti bolan emin agzalary degişli temalardan soraglary berdiler. Daşary ýurtly myhmanlar talyp ýaşlaryň dil başarnyklarynyň ýokary derejä eýediklerini bellediler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýapon dilini iň gowy bilýänler kesgitlendi. Olara diplomlar we gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.

TMDDI-dan dilçiler we ýapon diplomatik wekilhanasynyň wekilleri berk binýady geçen ýylda goýlan hyzmatdaşlyga mundan beýläk hem taýýardyklaryny bildirdiler. Şonda Ýaponiýanyň hökümeti lingafon kabinetini oturtmak, sinhron terjime üçin auditoriýa we ýapon dilini öwredýän mugallymlar üçin iş otagyny döretmek boýunça taslamany ýerine ýetiripdiler.

Bahargül Aşyrowa
D.Azady adyndaky TMDDI-nyň mugallymy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026