Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 14, 2023 | 10:34 |12011
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Geňeşiniň (CCPIT) wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynda habar berdiler.Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Geňeşiniň (CCPIT) wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynda habar berdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Geňeşiniň (CCPIT) wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynda habar berdiler.

Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Hytaý Geňeşine —aragatnaşyklar departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýan Sýaoszun, aragatnaşyklar departamentiniň Ýewropa işleri boýunça bölüminiň başlygy Go Sýuý, şol bölümiň işgäri Çžu Ýaweý, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa işleri boýunça bölüminiň baştutany Huan Haýýan we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa işleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýu Feý wekilçilik etdiler.

Hytaý tarapyny Türkmenistanyň maýa goýum gurşawy bilen tanyşdyrmak bilen, türkmen diplomaty maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini we Türkmenistanda Hytaý formatynda telekeçiligi kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boldy, ol «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasynda gurulýar. Myhmanlara şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby gowşuryldy.

1952-nji ýylda döredilen Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek boýunça Geňeşi CCPIT dünýä ykdysady gülläp-ösmegine ýardam edip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine oňyn goşant goşmaklyga ymtylýar. Onuň borçlaryna «Bir guşak-bir ýol» başlangyjyny öňe sürmek boýunça sergileri we çäreleri gurnamak hem girýändigi bellenmelidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026