HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri diplom işlerini ýazmakda ChatGPT ulanmaklyga garşy çykdylar

Aprel 12, 2023 | 14:53 |6665
Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri okuw we ylmy işler ýazylanda ChatGPT we emeli intellektiň beýleki görnüşleriniň ulanylmagyna garşy çykyş etdiler – diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri okuw we ylmy işler ýazylanda ChatGPT we emeli intellektiň beýleki görnüşleriniň ulanylmagyna garşy çykyş etdiler – diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: freepik.com

Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri okuw we ylmy işler ýazylanda ChatGPT we emeli intellektiň beýleki görnüşleriniň ulanylmagyna garşy çykyş etdiler – diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.

Ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň — Kioto uniwersitetiniň rektory – talyplara emeli intellekti ulanmazlyk barada duýdurdy, sebäbi EI tarapyndan döredilen tekstde ýalňyşlyklar bolup biler, mundan başga-da, talyp bilim işiniň möhüm bölegi bolan teksti özbaşdak ýazmakdan mahrum bolýar.

Ýaponiýanyň baş ýokary okuw mekdebi — Tokio uniwersiteti talyplar üçin içerki portalda rektoryň orunbasarynyň gol çeken bildirişini ýerleşdiripdir, onda «okuw işleriniň talyplaryň özleri tarapyndan ýazylmalydygy we munuň – başlangyç nokatdygyny we olaryň emeli intellekt tarapyndan döredilip bilinmejekdigi» bellenilýär.

Öz gezeginde Tohoku uniwersiteti emeli intellektiň ulanylmagynyň çap edilmedik işler baradaky maglumatyň ýaýramagyna ýa-da beýleki islendik gizlin maglumatyň aýan bolmagyna getirip biljekdigini belleýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026