HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmendeňizdeýaýollary» we «Býuro Weritas» hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar

Aprel 13, 2023 | 14:53 |11104
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Türkmen tarapy BV Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy teklip etdi, klassifikasiýa jemgyýeti bolsa ýurda berilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak üçin Türkiýeden we BAE-den öz wekillerini çekmäge taýýardygy barada habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde BV-niň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk zawodynda we «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetinde duşuşyk geçirdiler, ol ýerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

BV klassifikasiýa jemgyýeti 1828-nji ýylda esaslandyrylyp, ol deňziň hapalanmagynyň öňüni almaga, şeýle hem gämileriň gurluşygyna tehniki gözegçiligi amala aşyrmaga ýöriteleşýän 11 sany iri kwalifikasiýa jemgyýetleriň biridir.

«Býuro Weritasyň» wekilhanalary dünýäniň 140 ýurdunda hereket edýärler. 2020-nji ýyldan başlap BV Türkmenistanda hasaba alnan gämileri halkara talaplaryna laýyklykda «Türkmendeňizdeýaýollary» agentligi bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda barlap görmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026