HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TMDDI BMGÖM-nyň goldaw bermeginde Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça agşamlary geçirýär

Aprel 13, 2023 | 14:06 |8078
BMG-niň Türkmenistandaky ösüş Maksatnamasy D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – paýhas çeşmesi» Kitap klubynyň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlarynyň agşamlarynyň birnäçesiniň badalga berilmegine gatnaşdy.BMG-niň Türkmenistandaky ösüş Maksatnamasy D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – paýhas çeşmesi» Kitap klubynyň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlarynyň agşamlarynyň birnäçesiniň badalga berilmegine gatnaşdy.
Çeşme: @undp_turkmenistan

BMG-niň Türkmenistandaky ösüş Maksatnamasy D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – paýhas çeşmesi» Kitap klubynyň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlarynyň agşamlarynyň birnäçesiniň badalga berilmegine gatnaşdy.

BMGÖM-nyň wekilleri klubyň agzalary we gurnaýjylary bilen birlikde 3-nji Maksat boýunça ilkinji agşamy geçirdiler: Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek. Agşam golaýda geçen Halkara saglyk gününe bagyşlandy.

Çäräniň esasy maksady — ýaşlary DÖM-na ýetmegiň usullary bilen tanyşdyrmak, Türkmenistanda BMG-niň howandarlygy astynda meýilleşdirilen taslama we maksatnamalaýyn çäreler barada olaryň habardarlygyny ýokarlandyrmakdyr. Mundan başga-da, talyplar BMGÖM-y bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Agşamlaryň talyp ýaşlaryň BMG-niň gurluş düzümleriniň nähili guralandygyna we olaryň 2030-njy ýyla çenli ähli 17 Maksada ýetmek üçin nähili ädimleri ädýändigine düşünmekleri üçin geçirlýändigi bellendi.

Bu gezekki agşamda gatnaşyjylara ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek babatynda öňdebarjy dünýä tejribesi hakynda gürrüň berdiler, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça peýdaly maslahatlar bilen tanyşdyrdylar.

Çäräniň jemleri boýunça DÖM-y boýunça iň gowy Okyjy saýlandy. TMDDI-nyň we BMGÖM-nyň wekilleri agşamlaryň dowam etdirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Bahargül Aşyrowa
D. Azady adyndaky TMDDI-nyň mugallymy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026