HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2022-nji ýylda $12,7 mlrd-lyk önümi eksport etdi

Aprel 13, 2023 | 11:35 |19749
2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy $5,4 mlrd deň boldy, haryt dolanyşygynyň umumy görkezijisi bolsa $20 mlrd-a ýetdi – diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerine salgylanyp, Daryo maglumatlar agentligi habar berýär.2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy $5,4 mlrd deň boldy, haryt dolanyşygynyň umumy görkezijisi bolsa $20 mlrd-a ýetdi – diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerine salgylanyp, Daryo maglumatlar agentligi habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy $5,4 mlrd deň boldy, haryt dolanyşygynyň umumy görkezijisi bolsa $20 mlrd-a ýetdi – diýip, Daryo habarlar agentligi habar berýär.

Saldo — bu belli bir wagtyň döwamynda pul girdejileriniň we çykdajylarynyň aratapawudydyr. Şeýlelik bilen, umumy haryt dolanyşygyndaky ýurduň oňyn saldosyna eksportdan gelen girdeji diýmek bolýar.

2021-nji ýylda söwda balansynyň girdejileriniň çykdajylardan artyklygy $2,6 mlrd-dan sähel gowrak boldy. Bu bolsa oňyn saldonyň möçberiniň bir ýylda $2,8 mlrd ýa-da 107,7% artdy diýmekdir.

2022-nji ýylda Türkmenistan $12,7 mlrd-lyk önümi eksport etdi, olaryň 80% energiýa göterijileriň iberilmegidir. Geçen ýylda tebigy gazyň eksportynyň umumy möçberi 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 60% artdy, elektrik energiýanyňky —30% artdy.

2022-nji ýylda import $7,3 mlrd-a deň boldy.

Şeýle çalt ykdysady depgin uglewodorodlaryň iberilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary artdyrylan gymmaty bolan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagy we eksporta gönükdirilen pudaklaryň tiz ösmegi bilen düşündirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026