HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: ýer titremäniň netijelerine garamazdan, tomus Türkiýe syýahatçylygyň gyzgalaňly bomagyna garaşýar

Aprel 11, 2023 | 18:24 |6203
Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary fewraldaky weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerine garamazdan, bu tomus syýahatçylaryň köp sanlysyna garaşýar. Bu barada pudagyň hünärmenlerine salgylanyp, China daily habar berýär.Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary fewraldaky weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerine garamazdan, bu tomus syýahatçylaryň köp sanlysyna garaşýar. Bu barada pudagyň hünärmenlerine salgylanyp, China daily habar berýär.
Çeşme: www.chinadaily.com.cn

Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary fewraldaky weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerine garamazdan, bu tomus syýahatçylaryň köp sanlysyna garaşýar. Bu barada pudagyň hünärmenlerine salgylanyp, China daily habar berýär.

«Geçen ýyldaky daşary ýurtly syýahatçylaryň gelip görýändigi we girdeji baradaky oňyn maglumatlar bizde häzirki tomus möwsüminiň başyna umyt döretdi» - diýip, Alanýanyň Syýahatçylyk otelýerleriniň birleşmesiniň başlygy Burhan Sili aýtdy.

Ozal fewraldaky tebigy betbagtçylyklardan soňra sargyt edilen ýerleriň sanynyň kemelendigi habar berlipdi. Ýöne tiz wagtdan ýagdaý gowulandy.

Şeýlelikde, ýerli dolandyryş tarapyndan apreliň başynda çap edilen maglumatlara görä, Türkiýäniň esasy şypahana ýerleriniň biri bolan Alanýada şu ýylyň ilkinji üç aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 55% artdy.

«Umuman, biziň baha bermegimize görä, biz 2023-nji ýylyň möwsümini 2022-nji ýylyňka garanda gowy görkezijiler bilen tamamlarys» - diýip, Sili nygtady.

Iri nemes syýahatçylyk kompaniýasy TUI-iň wekili Kaan Sahinalp hem pudagyň geljegine bu ýylda oňaýly baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, Türkiýe köp daşary ýurtlylar üçin ýene-de esasy syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolar.

Syýahatçylyk pudagy Türkiýäniň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Geçen ýyl ýurduň bu pudakdan alan girdejisi onuň tutuş taryhynda iň ýokary bolupdy. 51 million daşary ýurtlynyň gelip görmegi bilen girdeji 46,3 mlrd dollara çenli ösdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026