HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 56-njy sessiýasyna wekilçilik etdi

Aprel 11, 2023 | 12:45 |8308
Türkmenistan ýurduň Döwlet statistika komitetiniň ilat statistikasy bölüminiň başlygy Jahan Pygamowanyň adyndan BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň   56-njy sessiýasyna wekilçilik etdi - diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistan ýurduň Döwlet statistika komitetiniň ilat statistikasy bölüminiň başlygy Jahan Pygamowanyň adyndan BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň   56-njy sessiýasyna wekilçilik etdi - diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Türkmenistan ýurduň Döwlet statistika komitetiniň ilat statistikasy bölüminiň başlygy Jahan Pygamowanyň adyndan BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 56-njy sessiýasyna wekilçilik etdi - diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Sessiýa 2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda öz işine başlady we ol 14-nji aprele çenli dowam eder.

Umumy çekeleşikleriň çäklerinde Türkmenistan ýurduň ilat babatyndaky üstünliklerini görkezdi we bu ugurda hem sebitleýin, hem bütindünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň agentlikleriniň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň uçdantutma ilat ýazuwyny we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny üstünlikli geçirmek boýunça bilelikdäki işi bellenip geçildi. Onuň netijeleri döwletiň durmuş-ykdysady syýasatyny döretmekde ulanylar.

BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 56-njy mejlisi ilat we ösüş boýunça Halkara maslahatynyň hereketleriniň Maksatnamasyny (МКНР) netijeli ýerine ýetirmek we 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini gazanmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýar.

Sessiýa şeýle hem ýokary derejedäki umumy çekeleşikleriň, ministrleriň «tegelek stolunyň» we beýleki mejlisleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar, olaryň barşynda ilat we ösüş boýunça meseleleriň birnäçesine garalar.

BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasy 1946-njy ýylda döredildi we BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşiniň (ЭКОСОС) edarasydyr. Ol 1994-nji ýylda Kairde kabul edilen hereketleriň Maksatnamasyna (МКНР) syn etmeklige we onuň ýerine ýetirilişiniň barşyna baha bermeklige ýöriteleşýär.

2019-njy ýylda Türkmenistan BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 2020-2024-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanypdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026