Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Banýanyň ussahanasy dörediler


Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Banýanyň ussahanasyny döretmegiň meseleleri ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC), Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit ýokary hünär-tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen iş maslahatynda ara alyp maslahatlaşdylar.
«Lu Banýa ussahanasy» — HHR-nyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Týanszin uniwersiteti tarapyndan esaslandyrylan ýokary hünär bilimi babatynda hyzmatdaşlygyň halkara taslamasydyr. Häzirki wagtda ýerli hünärmenleriň we talyplaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýän bütin dünýä boýunça Lu Banýanyň onlarça ussahanasy döredildi.
Maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde Lu Banýanyň ussahanasyny açmak üçin anyk meselelere seredildi, ussahananyň okuw korpusynyň ýerleşýän ýeri we häzirki zaman barlaghana enjamlarynyň ýerleşdirilmegi, okuw-tejribe sapaklarynyň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň ýöriteleşdirilmegi, okuw-amaly enjamlary we mugallymlar bilen üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Taraplar Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Banýanyň ussahanasyny döretmek boýunça türkmen-hytaý iş toparyny döretmegi we özara düşünişmek barada degişli Ähtnamany baglaşmak barada ylalaşdylar.
Garaşylmagyna görä, ussahana bakalawrlary «Nebit inženerçiligi», «Nebit tehnologiýalary», «Ulu maglumatlaryň tehnologiýalary», «Nebitiň we gazyň saklanylyşy we daşalyşy», «Geologiýa», «Täze energiýanyň ylmy we inženerçiligi» taýýarlyk ugry boýunça okadar, şeýle hem magistrleri «Nebitgaz inženerçiligi», «Geologiýa» we «Geologiki serişdeleriň inženerleri» ugurlaryndan okadar.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory maslahatda ussahanada «Maglumat howpsuzlygy» taýýarlyk ugry boýunça bakalwrlary okatmagy, «Elektrifikasiýa we senagat desgalarynyň awtomatlaşdyrylyşy» we «Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem «Nebit-gaz işi» hünäri boýunça magistrleri okatmagy teklip etdi.
ORIENT habarlar








