HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýanyň mekdeplerinde Olimpiada-2024-e taýýarlygyň çäklerinde sport bilen meşgullanmaga goşmaça sapaklary girizerler

Aprel 11, 2023 | 11:48 |6876
Fransuz mekdeplerinde indiki ýylda Parižde boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde sport bilen meşgullanmagyň goşmaça sapaklaryny girizerler. Bu barada Sport baradaky ministr Ameli Udea-Kastera we Fransiýanyň Milli bilim we ýaşlar ministri Pap Ndiaýe Parižiň 2017-nji ýylda ýaryşlary geçirmäge hukuk alanyndan bäri her ýyl geçirilýän Olimpiýa we Paralimpiýa hepdeliginden soňra beýan etdiler.Fransuz mekdeplerinde indiki ýylda Parižde boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde sport bilen meşgullanmagyň goşmaça sapaklaryny girizerler. Bu barada Sport baradaky ministr Ameli Udea-Kastera we Fransiýanyň Milli bilim we ýaşlar ministri Pap Ndiaýe Parižiň 2017-nji ýylda ýaryşlary geçirmäge hukuk alanyndan bäri her ýyl geçirilýän Olimpiýa we Paralimpiýa hepdeliginden soňra beýan etdiler.
Çeşme: insidethegames.biz

Fransuz mekdeplerinde indiki ýylda Parižde boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde sport bilen meşgullanmagyň goşmaça sapaklaryny girizerler. Bu barada Sport baradaky ministr Ameli Udea-Kastera we Fransiýanyň Milli bilim we ýaşlar ministri Pap Ndiaýe Parižiň 2017-nji ýylda ýaryşlary geçirmäge hukuk alanyndan bäri her ýyl geçirilýän Olimpiýa we Paralimpiýa hepdeliginden soňra beýan etdiler.

Şeýlelikde, Respublikanyň 700 mekdebi sport bilen meşgullanmak üçin her hepdede iki goşmaça sagat alarlar.

«Mekdepde fiziki işjeňligi we sporty ösdürmek ileri tutulýan meseledir. Ýakyn aýlarda biz öz tagallalarymyzy muňa gönükdireris, hususan-da, fiziki işjeňligiň ýoklugyna garşy göreşeris» - diýip, Le Monde fransuz gazetinde çap edilen Udea-Kasteriň we Ndiaýeniň beýanatynda aýdylýar.

Mekdeplerde bedenterbiýe we sport boýunça goşmaça sagatlaryň girizilmegi Fransiýany sport milletine öwürmek maksadyna gabat gelýär.

16-njy aprelde Fransiýada 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 500 gün galanda Oýunlaryň başlajak senesine çenli gün sanalmagyna badalga berler.

Ýatladýarys, Fransiýanyň paýtagty Olimpiýa oýunlaryny 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli, Paralimpiýa ýaryşlaryny bolsa — 28-nji awgustdan 8-nji sentýabra çenli kabul eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026