HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada ilkinji gezek Oraza baýramy mynasybetli festiwal geçiriler

Aprel 10, 2023 | 17:43 |6704
22-23-nji aprelde Moskwada Memorial metjidiň meýdançasynda Oraza baýramyna bagyşlanyp uly festiwal — WANDI Bazar Eid Festival geçiriler - diýip, «Oraza çadyry» medeni – aň-bilim taslamasynyň saýty habar berýär.22-23-nji aprelde Moskwada Memorial metjidiň meýdançasynda Oraza baýramyna bagyşlanyp uly festiwal — WANDI Bazar Eid Festival geçiriler - diýip, «Oraza çadyry» medeni – aň-bilim taslamasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: mosdum.ru

22-23-nji aprelde Moskwada Memorial metjidiň meýdançasynda Oraza baýramyna bagyşlanyp uly festiwal — WANDI Bazar Eid Festival geçiriler - diýip, «Oraza çadyry» medeni – aň-bilim taslamasynyň saýty habar berýär.

WANDI Group kompaniýasy tarapyndan gurnaljak festiwal diňe bir musulmanlar üçin däl-de, eýsem has giň köpçülige niýetlenendir.

Çäräniň meýdançasy birnäçe tematiki zolaklara bölüner. Şeýlelikde, dizaýner market zolagyna gelip görýänler öz ýakynlaryna elde ýasalan dürli zatlary, sowgatlyklary ýa-da hatda dizaýner otkrytkasy görnüşindäki sowgatlary alyp bilerler.

Fud-kortda myhmanlara dünýäniň dürli halklarynyň aşhansyna syýahat garaşýar. Guramaçylar tematiki foto-oturtmalary bolan surata düşülýän zolaklary hem göz öňünde tutupdyrlar, ol ýerde garyndaşlaryň we çäräniň gyzykly myhmanlary bilen ýadygärlik surata düşüp bolýar.

Festiwalyň kiçijik myhmanlary hem wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp geçirerler, olar üçin dürli görnüşdäki güýmenjeler meýdançasyny gurarlar. Olary şeýle hem animatorlar güýmärler. Umuman, festiwala gelen her bir myhman bu çäreden ýatdan çykmajak gowy ýatlamalary ýany bilen alyp gider.

«WANDI Group» kompaniýalar toparynyň we biziň ähli taslamalarymyzyň wezipesi musulman ýaşaýyş-durmuş keşbini we häzirki zaman musulmanlaryny öňe sürmekdir. Biz täze ideýalaryň döreýän, täze tanyşlyklaryň bolup geçýän, ösmek üçin mümkinçilikleri bolan, sazlaşygyň we gowy keýpiň höküm sürýän meýdançasyny döredýäris» - diýip, bu kompaniýanyň prezidenti, WANDI BAZAR-yň esasy taslamasyny döreden Natalýa Narmin Içaýewa belledi we olaryň her bir gelen myhmana şat boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

WANDI Bazar – aýajyp taslama, eýýäm 10 ýylyň dowamynda muslim life-style senagatyny uly şäher festiwallary formatynda birleşdirýär. Festiwalyň gatnaşyjylary — brendler we kompaniýalar, ilkibaşda musulmanlar tarapyndan we musulmanlar üçin döredilip, ýöne soňlugy bilen has giň köpçüligiň gatnaşmak islegini bildirenlerdir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026