HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Bouygues Türkmen» kompaniýasy öwrediji eko-başlangyjyny ösdürýär

Aprel 11, 2023 | 23:17 |17544
«Bouygues Türkmen» kompaniýasy tarapyndan açylan täze Ekologiýa Hyzmatdaşlyk Merkezinde kompaniýanyň we fransuz Ecole française MLF mekdebiniň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi. Mundan ozal türkmen-rus Puşkin adyndaky 21-nji ýörite bilim mekdebiniň, türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary we ýaşy ulyrak wekilleri, ýagny daşky gurşaw meselelerine biperwaý garamaýan Aşgabadyň ýaşaýjylary hem eko-merkeze myhman boldular.«Bouygues Türkmen» kompaniýasy tarapyndan açylan täze Ekologiýa Hyzmatdaşlyk Merkezinde kompaniýanyň we fransuz Ecole française MLF mekdebiniň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi. Mundan ozal türkmen-rus Puşkin adyndaky 21-nji ýörite bilim mekdebiniň, türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary we ýaşy ulyrak wekilleri, ýagny daşky gurşaw meselelerine biperwaý garamaýan Aşgabadyň ýaşaýjylary hem eko-merkeze myhman boldular.
Çeşme: автора

«Bouygues Türkmen» kompaniýasy tarapyndan açylan täze Ekologiýa Hyzmatdaşlyk Merkezinde kompaniýanyň we fransuz Ecole française MLF mekdebiniň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi. Mundan ozal türkmen-rus Puşkin adyndaky 21-nji ýörite bilim mekdebiniň, türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary we ýaşy ulyrak wekilleri, ýagny daşky gurşaw meselelerine biperwaý garamaýan Aşgabadyň ýaşaýjylary hem eko-merkeze myhman boldular.

Merkez, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň başlangyjy bilen daşky gurşaw meselelerine ünsi çekmek, tebigata hormat goýmak we paýhasly hem-de jogapkärli eko-özüni alyp barmak bilen baglanyşykly bilim çykyşlaryny we dürli iş duşyşyklaryny guramak maksady bilen döredildi.

Korporatiw howa strategiýasyna laýyklykda, «Bouygues Türkmen» ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny maksatly azaltmagy we 2030-njy ýyla çenli atmosferadaky CO2 zyňyndylaryny üçden birine çenli düşürmegi meýilleşdirýär.

1-3.jpg

Ekologiýa merkeziniň çykyşlary, gelýänleriň her biriniň, ýaşyna garamazdan, elýeterli we düşnükli görnüşde zerur maglumatlary alyp bilmegi, ara alyp maslahatlaşmagy, gyzyklandyrýan mowzuklary boýunça soraglary bermegi, şeýle hem tolgundyryjy mowzuklaýyn ýaryşa gatnaşmagy üçin işlenip taýýarlandy. Ýeri gelende aýtsak, täze merkeziň binasy, wekilleriniň habar berşi ýaly, daşky gurşawa uly seresaplylyk bilen çemeleşmek göz öňüne tutulyp guruldy.

Fransuz mekdep toparynyň çagyrylan tanyşdyryşyny üç sany eko-fasilitator - «Bouygues Türkmen»-iň uglerod yzlaryny azaltmak komitetiniň başlygy Mämmet Fataliýew, şeýle hem Mariýa Dmitrýewa we Kamalýa Ýakubowa alyp bardylar. Olar suwuň we howanyň hapalanmagyna, global ýylylygyň, tokaýlaryň çapylmagyna we sebitleriň çölleşmegine sebäp bolan adam işleri barada interaktiw gürleşdiler. Has düşnükli bolar ýaly myhmanlardan ähli sebäplerini we netijelerini kartoçkalaryň kömegi bilen oýun görnüşinde kesgitlemek teklip edildi.

2-2.JPG

Oýna gatnaşyjylar, degişli bellikler bilen öz ugryny goldap, dogry tertipde goýmaly boldular. Gyzgyn çekişmelerden soň, ähli kartoçkalar dogry tertipde hatara düzüldi we oýna gatnaşyjylaryň gözüniň öňünde «adam işjeňligi – tebigatda üýtgeşmeler - daşky gurşaw betbagtçylyklary» zynjyrynyň elementlerinden düzülen mozaika («Klimat Fresko») peýda boldy.

Ecole française MLF topary abraý bilen daşky gurşaw sowatlylygy synagyndan geçdi. Oýundan soň fasilitatorlar we myhmanlar «eko hereketleri» - söwda üçin dükan torbalaryny ulanmak, galyndy kagyzlaryny, plastmassa we aýna gaplary ýygnamak, batareýalary dogry taşlamak, suwy tygşytly sarp etmek, zibilleri sortlamak ýaly maglumatlary paýlaşdylar.

Fransuz mekdebiniň işgärleriniň «Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň «Uglerod merkezi»-niň hünärmenleri bilen duşuşygy mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirildi. Iki tarap hem täze duşuşyklar, işjeň hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar barada ylalaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026