Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz welaýatynyň onlarça mekdebinde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Aprel 06, 2023 | 15:38 |11380
Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gürrüň Şabat etrabyndaky 7-nji, 42-nji we 43-nji orta mekdepleriň, şeýle hem 8-nji çagalar bagynyň, Görogly etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň, Boldumsaz etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň, S.Türkmenbaşy adyndaky etrapda 15-nji, 19-mjy, 20-nji, 81-nji orta mekdepleriň, Akdepe etrabyndaky 59-njy, 63-nji, 66-njy, 106-njy orta mekdepleriň we 1-nji çagalar bagynyň, Daşoguz şäherindäki 16-njy, 26-njy, 33-nji mekdepleriň abatlanmagy hakynda barýar.

Bäsleşik Türkmenistanyň çäklerinde hasaba alnan kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Gatnaşmak üçin kompaniýanyň adyny we onuň hukuk derejesini görkezýän haty, maddy-tehniki binýady baradaky maglumat we TSTB-den kepilnama bilen bilelikde ugratmaly.

Teklipler 2023-nji ýylyň 12-nji apreline çenli şu salgyda kabul edilýär: Daşoguz şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 (welaýat häkimliginiň binasy).

Habarlaşmak üçin telefon: 800322-9-03-02.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026