HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ÝTÖB-nyň işewürlik üçin internetde satuwlary artdyrmak boýunça okuwy tamamlandy

Aprel 06, 2023 | 00:34 |8695
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde türkmen telekeçileri üçin «Internetde satuwa başlamak we satuwlaryň gerimini artdyrmak. Sanly marketing hereketde» atly okuw geçirdi. Okuw kursy hem nazaryýet, şeýle hem amaly sapaklary öz içine aldy.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde türkmen telekeçileri üçin «Internetde satuwa başlamak we satuwlaryň gerimini artdyrmak. Sanly marketing hereketde» atly okuw geçirdi. Okuw kursy hem nazaryýet, şeýle hem amaly sapaklary öz içine aldy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde türkmen telekeçileri üçin «Internetde satuwa başlamak we satuwlaryň gerimini artdyrmak. Sanly marketing hereketde» atly okuw geçirdi. Okuw kursy hem nazaryýet, şeýle hem amaly sapaklary öz içine aldy.

Maksatnamanyň elliden gowrak gatnaşyjysy harytlary onlaýn-satuwa başlamak boýunça alnyp barylmaly işler we onlaýn-satuwy artdyrmagyň usullary bilen tanyşdylar, şeýle hem internetde hususy telekeçiligi ösdürmek üçin onlaýn-gurallardan peýdalanmak işi bilen tanyşdylar.

Okuw kursunyň barşynda alyp baryjylar işewürligiň wekillerini iň täze nazaryýet we tejribe bilen tanyşdyrdylar. Okuwa gatnaşyjylar ýunit ykdysadyýet barada, Instagramda mahabat barada öwrendiler, Google gözleg mahabaty, CRM-ulgamlary, bazar ýerlerinde (marketpleýs) işlemegiň düzgünleri we başga-da köp zatlary bildiler.

Çykyş eden tälimçiler ýygnananlara onlaýn-satuwyň maksatlaryny dogry goýmagy, harytlary we hyzmatlary öňe sürmek üçin kanallary kesgitlemegi, edilen işiň netijeliligine baha bermegi öwretdiler.

Okuw tamamlanandan soňra okuw kursuny özleşdiren gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026