HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň ýolbaşçysyna gynanç bildirýärler

Aprel 09, 2023 | 01:37 |10471
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Çeşme: orient.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Täjigistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň enesiniň, milli lideriň, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi.

Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni we mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza we olaryň ýakynlaryna şu kyn pursatda durnuklylygy arzuw etdi, - diýip Türkmen döwlet habar beriş serişdeleri habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow gynanç bildirendigi üçin, Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, agyr ýitgi zerarly şu kyn günlerde ýakyn dost tarapyndan berilýän uly goldawyň möhümdigini belledi.

Ondan öň Rahmon Serdar Berdimuhamedowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatyny ugratdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ugradan gynanç hatynda şeýle diýilýär: «Siziň käbäňiziň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň. Size we Siziň maşgala agzalaryňyza öwezini dolup bolmajak we agyr ýitgi pursadynda kalby rahatlygy hem-de sabyr-takat dileg edýärin».


Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň adyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden gelen gynanç hatynda şeýle diýilýär: «Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly we agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris».


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna enesiniň aradan çykmagy zerarly Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed AL Nahaýýandan gynaç hatyny ugratdy.

Şeýle hem, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid AL Maktum, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, wise-premýeri, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Mansur bin Zaýed AL Nahaýýan Prezidentimiz Berdimuhamedowa gynanç hatlaryny ugratdylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleri mähriban käbesiniň aradan çykmagy zerarly Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem çuňňur gynanjyny we duýgudaşlygyny beýän etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026