HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary yza süýşürildi

Aprel 09, 2023 | 12:10 |15739
“Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary belli bir möhlete yza süýşürildi” – diýip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Asia-Plus» saýty şenbe güni habar berdi.“Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary belli bir möhlete yza süýşürildi” – diýip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Asia-Plus» saýty şenbe güni habar berdi.
Çeşme: orient.tm

“Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary belli bir möhlete yza süýşürildi” – diýip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Asia-Plus» saýty şenbe güni habar berdi.

Saparyň Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň enesi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy sebäpli yza süýşürilendigi bellenilýär. Resmi sapar 10-11-nji aprele meýilleşdirilipdi.

Mundan başga-da, 8-nji aprele meýilleşdirilen Täjigistanyň we Türkmenistanyň Işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi, şeýle hem 9-njy aprele meýilleşdirilen iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik forumy ýatyryldy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi.

“ Siziň çuňňur hormatlanýan käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Şu agyr ýitgi sebäpli dörän tüýs ýürekden çykýan gynanjymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şu agyr pursatda Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-kanagat dileg edýärin” — diýip, Emomali Rahmon gynanç hatynda ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026