HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aprel 08, 2023 | 21:14 |12465
Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.
Çeşme: информационный портал Moldova news Noi.md

Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.

Şol gün türkmen diplomaty Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary Ruslan Bolboçan bilen duşuşdy. Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy türkmen diplomatik edarasynyň ýolbaşçysyna täze bellenen wezipesinde üstünlik arzuw etdi we Daşary işler we Ýewropa integrasiýa ministrliginiň doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň arasynda görkezildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny we taýýarlyklaryny tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026