Milletiň lideriniň ejesi we Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa aradan çykdy
Aprel 08, 2023 | 12:33 |23055


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
“Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar”, - diýip habarda bellenilýär.
ORIENT news








