HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan daşary ýurt rus teatrlarynyň 16-synyň arasynda 2023-nji ýylyň "Uly gastrollar" taslamasyna gatnaşýar

Aprel 07, 2023 | 21:21 |9595
2023-nji ýylda “Uly gastrollar” maksatnamasyna daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň 16-sy gatnaşar. Olaryň arasynda Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan döredijilik toparlary bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni Rus teatrlarynyň “Russiýada duşuşyklar. Bilelikde 25 ýyl” atly halkara festiwalynyň açylyyna bagylanyp geçirilen umumy mejlisde mälim etdi. Forum 7-8-nji aprelde Sankt-Peterburgyň “Baltiýskiý dom” teatrynda geçirilýär.2023-nji ýylda “Uly gastrollar” maksatnamasyna daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň 16-sy gatnaşar. Olaryň arasynda Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan döredijilik toparlary bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni Rus teatrlarynyň “Russiýada duşuşyklar. Bilelikde 25 ýyl” atly halkara festiwalynyň açylyyna bagylanyp geçirilen umumy mejlisde mälim etdi. Forum 7-8-nji aprelde Sankt-Peterburgyň “Baltiýskiý dom” teatrynda geçirilýär.
Çeşme: QuickTicket

2023-nji ýylda “Uly gastrollar” maksatnamasyna daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň 16-sy gatnaşar. Olaryň arasynda Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan döredijilik toparlary bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni Rus teatrlarynyň “Russiýada duşuşyklar. Bilelikde 25 ýyl” atly halkara festiwalynyň açylyyna bagylanyp geçirilen umumy mejlisde mälim etdi. Forum 7-8-nji aprelde Sankt-Peterburgyň “Baltiýskiý dom” teatrynda geçirilýär.

TASS-yň berýän habaryna görä, festiwalyň çäklerinde Abhaziýadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan rus teatrlarynyň direktorlaryny, çeper ýolbaşçylaryny we baş režissýorlaryny jemlän “Daşary ýurt rus teatry rus medeniýetiniň bilim ojagy hökmünde” atly dördünji halkara maslahaty geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi “Uly gastrollar” taslamasyny daşary ýurt rus teatrlaryny Russiýanyň teatr gurşawyna ornaşdyrmak üçin iň oňat gural hasaplaýar.

“2022-nji ýylda biziň bitewi gastrol-konsert meýilnamamyzda 6 ýurtdan – Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan döredijilik toparlarynyň gastrollary guraldy. Şu ýyl 2023-nji ýylyň “Uly gastrollaryna” Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan daşary ýurt rus teatrlarynyň 11-si däl-de, eýsem 16-sy gatnaşar” – diýip, Manilowa aýtdy.

“Uly gastrollar” teatrlar üçin öz sebitleriniň daşynda çykyşlaryny guramaga mümkinçilik berýän federal maksatnama. Taslama Gastrol işiniň goldawy federal merkezi tarapyndan gözegçilik edilýär we iki sany iri umumyrussiýa maksatnamasyny – “Uly gastrollar” (teatrlaryň gastrollary) we “Biz - Russiýa” (milli toparlaryň gastrollary) taslamalaryny öz içine alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026