HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda ilkinji gün elektrik stansiýasynyň Russiýa Federasiýasy bilen bilelikdäki gurluşygy badalga aldy

Aprel 06, 2023 | 20:12 |8546
Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow respublikada ilkinji gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň  metbugat gullugy RIA Nowosti agentligine habar berdi.Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow respublikada ilkinji gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň  metbugat gullugy RIA Nowosti agentligine habar berdi.
Çeşme: e-cis.info

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow respublikada ilkinji gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti agentligine habar berdi.

"Ministrler Kabinetiniň başlygy Issyk-Kul raýonynyň Toru-Aýgyr obasynda kuwwatlylygy 300 MWt gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy" – diýip, metbugat gullugynyň wekili aýtdy.

Elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky ylalaşyga Gyrgyzystan-Russiýa hökümetara komissiýasynyň söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça 29-njy martda Bişkekde geçirilen mejlisinde gol çekildi. Taslama Gyrgyzystanyň “Bişkek Solar” we Russiýanyň “Unigreen Energy” kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, maýa goýumlarynyň möçberi 300 million dollardan geçer, elektrik stansiýasynyň gurulmagy we ulanyşa goýberilmegi 500-den gowrak iş ornunyň döredilmegini üpjün eder.

"Bar bolan mümkinçiliklerimize garamazdan, biz gün we geotermiki energiýany, ýel energiýasyny we biogaz tehnologiýalaryny doly ulanmaýarys. Gaýtadadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň täze tehnologiýalary ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmesidir. Bu sarp edijiler üçin arzan, iň esasysy bolsa daşky gurşawa we adam saglygyna täsiri ujypsyzdyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi biziň ýurdumyzyň energiýa pudagynyň geljegidir" – diýip, hökümetiň metbugat gullugy Žaparowyň sözlerini getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026