Türk Howaýollarynyň ýolagçylary meşhur mesenjerler arkaly gök ýüzünde mugt habarlaşyp bilerler


Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynda aprel aýyndan täze internet hyzmaty, ýagny meşhur WhatsApp, Messenger, iMessage we şuňa meňzeş goşundylar arkaly mugt habarlaşmak elýeterli bolar.
Türk raýat awiasiýasynyň flagmany halkara ugurlaryna täzelik girizýär, ýagny ýolagçylar uçuş wagtynda mugt we çäksiz SMS alyşyp bilerler, - diýip «Anadolu» Türk agentligi THY metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Türk Howaýollary, 2011-nji ýyldan bäri ýolagçylaryny uçuş wagtynda ýokary hilli internet bilen üpjün edýär we bu ugurdaky hyzmaty yzygiderli gowulandyrýar. «Ýolagçylaryň maşgalasy we dostlary bilen SMS alyşmagy, olaryň özüni gök ýüzünde-de şolaryň ýanynda ýaly duýmagyna mümkinçilik berer», – diýip THY-nyň baş direktory Bilal Ekşi nygtady.
ORIENT news








