17-nji aprelden “FlyDubai” BAE-den Türkmenistana hepdede üç gatnaw amala aşyrar


Emirlikleriň “FlyDubai” awiakompaniýasy bu ugurda ýolagçylar tarapyndan islegiň artmagy sebäpli, 17-nji aprelden başlap, BAE-den Türkmenistana gatnawlaryň sanyny köpeldýär, - diýip, Oriýent habarlar agentligine “FlyDubai” awiakompaniýasynyň Aşgabat bölüminde habar berdiler.
Täze tertipnama laýyklykda, türkmen paýtagtyna uçuşlar hepdede üç gezek - duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Dubaýdan (DXB) uçar ýerli wagt bilen 23:55-de ugrar we Aşgabat howa menziline (ASB) ertesi gün sagat 03:25-de gonar. Yzyna uçuş sagat 04:55-de uçar we ýerli wagt bilen 06:45-de Dubaýda (DXB) gonar.
Maý aýynda “FlyDubai” Türkmenistana uçuşlaryň sanyny hepdede dört reýse çenli artdyrar, gatnawlar duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri amala aşyrylar. Petekler awiakompaniýanyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy.
“FlyDubai” uçuşlarynyň “Boeing 737 MAX” uçarlary arkaly amala aşyrylýandygyny ýatlatmak isleýäris. Uçuş wagty, takmynan 2 sagat 30 minut.
ORIENT news








