Arkadag şäherinde «akylly» enjamlary maglumatlary bermegiň täze protokolynyň ulanylmagyna baglanyşdyrarlar


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde «akylly şäher» we «akylly jaý» konsepsiýasyny amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri ýerine ýetirýär – diýip, bu edarada ORIENT-e gürrüň berdiler.
Şeýlelikde, agentlik şäherde «LoRaWAN» simsiz aragatnaşygyň häzirki zaman protokolynyň esasynda işleýän enjamy oturtdy. Bu tehnologiýa energiýany az sarp edýän enjamlar bilen ynamly aragatnaşygy üpjün edip bilýändigi sebäpli soňky ýyllarda giňden ýaýrady.
LoRaWAN «akylly» şäherlerde howanyň hiline, ýol hereketine we ulaglary duralgada goýmagy gözegçilik etmek üçin ulanylýar. Tehnologiýa şäherlere öz serişdelerini optimallaşdyrmaga we raýatlaryň ýaşaýyşynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. «Akylly jaýlarda» ol dürli gurluşlara monitoring etmek we olary dolandyrmak, şol sanda yşyklandyryş we ýylylyk gurluşlaryny dolandyrmak üçin ulanylýar. Tehnologiýa jaý eýelerine öz gurluşlaryny dolandyrmaga we energiýanyň sarp edilişini optimallaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «akylly jaýda» elektrik enуrgiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça enjamy satyn aldy. Häzirki wagtda şunuň ýaly enjamy ýurduň ähli sebitlerinde işe girizmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçmelidiris.
Şeýle hem elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, şeýle hem gazyň sarp edilişine şäheriň dürli edaralary we guramalary tarapyndan gözegçiligi sanlylaşdyrmagyň synag işleri hem geçirilýär.
Şäheriň ýaşaýjylarynyň jemagat hyzmatlary üçin onlaýn arkaly töläp bilmekleri üçin, ýüz tutmalary goýup we ähli gerekli maglumatlary alyp bilmekleri üçin ykjam goşundy işlenip düzüler.
ORIENT habarlar








