Amerikanyň uniwersiteti Türkmenistanda mawzoleýiň dikeldişine başlar


Taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli Dolandyryşynyň we ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň wekilleri San-Antoniodaky Tehas uniwersitetinden kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiniň gaznasy (AFCP) maksatnamasy boýunça grant berlen taslamanyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

XII asyra degişli bolan Hudaýnazar-owliýa mawzoleýini gorap saklamak, professor William Dupont, doktor Anžela Lombardi we Sarah Rodrigez-Žimenodan ybarat San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň hünärmenleriniň esasy wezipesi bolar.
Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň mirasynyň, hususan-da «Gadymy Merwiň» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Professor William Dupontyň aýtmagyna görä, mawzoleýi gorap saklamak üçin dikeldiş işlerini geçirmeli, gurluşyň ýagdaýyna gözegçilik etmeli we binýady berkitmek hem-de zeper ýeten daşlary çalyşmak boýunça çäreleri gözden geçirmelidir.
— Biz eýýäm Baýramalynyň golaýynda ýerleşýän taryhy we medeni seýilgähine baryp gördük. Iki günlük saparyň dowamynda öz ugry boýunça ökde hünärmenler bolan «Gadymy Merw» Döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň işgärleri bilen duşuşdyk, – diýip, professor William Duponta ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi. - Obýektiň özi ajaýyp ýer. Biziň esasy wezipämiz çig kerpiçleri goramak bolar. Bu, ýörite topar tarapyndan ýerine ýetiriljek we çuňňur seljermäni talap edýän zähmeti iş.

Mundan başga-da, hünärmenler taryhy ýadygärligiň mundan beýläk weýran bolmagynyň öňüni almak üçin çyglylyga we derejä gözegçilik ulgamlaryny döretmekçi.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýine saparynyň çäginde San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň wekilleri öz hünärmenleriniň topary tarapyndan dünýäniň dürli taryhy we medeni seýilgählerinde ozal geçirilen gazuw-agtaryş işleri bilen tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Çäräniň ahyrynda taraplaryň mundan beýläkki hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.

Hudaýnazar-owliýa mawzoleýini gorap saklamak boýunça işleri dowam etdirmek üçin maý aýynda uly wekiliýetiň gelmegine garaşylýar.
«Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak gaznasy», ABŞ-nyň Kongresiniň haýyşy boýunça Döwlet departamenti tarapyndan 2001-nji ýyldan bäri 130-dan gowrak ýurtda 1000-den gowrak medeni gorap saklamak taslamasyny goldaýan grant maksatnamasydyr. Hudaýnazar-owliya mawzoleýini gorap saklamak üçin grant Türkmenistana berilýän 29-njy boldy.

Artur PETROSÝANS








