Türkmenistanyň DIM-niň HGI ylmy işleriň halkara bäsleşigini yglan etdi


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bäsleşigiň bilelikdäki gurnaýjylary bolup çykyş edýärler.
Oňa gatnaşmaga talyplar, aspirantlar, 35 ýaşdan uly bolmadyk degişli ugurdan ylmy-barlag işi bilen meşgullanýan ýaş alymlar çagyrylýar. Türkmenistanlylar bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we Eýranyň raýatlary hem öz işlerini bäsleşige ugradyp bilerler.
Bäsleşik üçin ýüz tutulýan işler şu aşakdaky temalardan bolmalydyr:
— Gündogar Ýewropanyň Merkezi Aziýa-Hazar deňzi - Gara deňiz sebiti ugry boýunça mümkinçiliklerini öwrenmek;
— Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek;
— «Lapis-Lazuli» halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçilikleri;
— «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri;
— Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy.
Gyzyklanýan şahslar öz ylmy işlerini 1-nji iýuna çenli şu elektron salga ugradyp bilerler: hgi.hygdek@gmail.com. Işler bir awtor tarapyndan rus ýa-da iňlis dilinde ýazylmalydyr.
Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň netijeleri 1-nji sentýabrda halkara eminleri tarapyndan yglan ediler. Ikinji tapgyryň ýeňijileri üstümizdäki ýylyň dekabrynda belli bolar. Olar gymmatbahaly baýraklar we degişli diplomlar bilen sylaglanar.
ORIENT habarlar








