HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OPEK+ nebiti çykarmagy azaltmak barada karara gelenden soň nebitiň bahasy birden gymmatlady

Aprel 04, 2023 | 02:30 |6429
Saud Arabystanynyň we OPEK+ guramasynyň beýleki agzalarynyň nebiti çykarmagy azaltmak baradaky duýdansyz kararyndan, şeýle hem Russiýanyň —ýylyň ahyryna çenli öz önüm öndürijiligini kemeltmegini uzaltmak baradaky kararyndan soňra nebitiň Brent kysymy 8% gowrak birden gymmatlady. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.Saud Arabystanynyň we OPEK+ guramasynyň beýleki agzalarynyň nebiti çykarmagy azaltmak baradaky duýdansyz kararyndan, şeýle hem Russiýanyň —ýylyň ahyryna çenli öz önüm öndürijiligini kemeltmegini uzaltmak baradaky kararyndan soňra nebitiň Brent kysymy 8% gowrak birden gymmatlady. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Çeşme: ulysmedia.kz

Saud Arabystanynyň we OPEK+ guramasynyň beýleki agzalarynyň nebiti çykarmagy azaltmak baradaky duýdansyz kararyndan, şeýle hem Russiýanyň —ýylyň ahyryna çenli öz önüm öndürijiligini kemeltmegini uzaltmak baradaky kararyndan soňra nebitiň Brent kysymy 8% gowrak birden gymmatlady. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Yklymara biržasynyň maglumatlaryna görä, Brent kysymy nebiti üpjün etmek boýunça iýunda ýerine ýetirilmeli şertnamalaryň bahasy söwdalaşyklaryň barşynda 8,2% ýokarlandy.

Iň ýokary nokatda fýuçersleriň bahasy her barrel üçin $86,44 deňdi, bu 31-nji martda söwdalaşyklaryň ýapylmagyndakydan $6,55 köpdür. Çeşmäniň habar bermegine görä, bu bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda söwdalaşyk gününiň dowamynda gymmatlamagyň iň ýokary depgini bolup biler.

OPEK+ ýurtlarynyň karary bazarlary sarsdyrdy. Indi möçber hasabynda nebiti çykarmak her gije-gündizde 3,66 mln barrel kemeler – bu bütindünýä isleginiň 3,7% deňdir.

Bu şeýle hem iri kompaniýalaryň – tankerleriň eýelerine, şol sanda Frontline, Euronav we DHT Holdings täsir etdi – diýip, Bloomberg habar berýär. Dünýä bazarynda çig nebitiň 40% golaýy deňiz arkaly daşalýar. Şunuň bilen baglylykda nebiti çykarmagyň kemeldilmegi agramyň ep-esli azalmagyna getirer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026