Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Twitteriň logotipi memden alnan itiň şekili boldy

Aprel 04, 2023 | 02:32 |6787
Amerikanyň Twitter mikroblok serwisi we sosial tory öz logotipini üýtgetdi. Mawy guşjagazyň şekilindäkimeşhur simwol - Dogecoin kriptowalýutasynyň belgisindäki siba-inu tohumyndan bolan itiň şekili çalyşdy.Amerikanyň Twitter mikroblok serwisi we sosial tory öz logotipini üýtgetdi. Mawy guşjagazyň şekilindäkimeşhur simwol - Dogecoin kriptowalýutasynyň belgisindäki siba-inu tohumyndan bolan itiň şekili çalyşdy.
Çeşme: eu.montgomeryadvertiser.com

Amerikanyň Twitter mikroblok serwisi we sosial tory öz logotipini üýtgetdi. Mawy guşjagazyň şekilindäkimeşhur simwol - Dogecoin kriptowalýutasynyň belgisindäki siba-inu tohumyndan bolan itiň şekili çalyşdy.

Munuň täsiri bilen sanly walýutanyň bahasy 26,65% ýokarlandy, 0,101 dollara baryp ýetdi. Ozal söwdalaşyklar wagtynda onuň bahasy 0,104 dollara ýetýärdi.

Siba-inu itiniň şekili saýtyň ýüklenýän ekranynda hem görünýär.

Bu özgerişligiň hemişelikdigi ýa-da däldigi entäk belli däl. Twitteriň Baş direktory Ilon Mask öz sahypasyndaky postda ulanyjynyň teklibi boýunça logotipi üýtgedendigini ýazdy. «Wada berişim ýaly» - diýip, ýazyşmanyň skrinşotynda Mask gol çekipdir.

Mask Dogecoini birnäçe ýyl mundan öň mahabat edip başlapdy. Ol özüniň Twitterdäki mikroblogynda 2013-nji ýylda degişme hökmünde döredilen token barada wagtal-wagtal ýazyp durýar.

Ozal geň milliarder özüniň siba-inu tohumyndan bolan itini oýun edip Twitteriň baş direktory edip «belläpdi».

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026