HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda türk dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji mejlisi geçirildi

Aprel 04, 2023 | 06:02 |7885
Özbegistanyň Nawoi şäherinde türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji mejlisi geçirildi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.Özbegistanyň Nawoi şäherinde türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji mejlisi geçirildi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.
Çeşme: uza.uz

Özbegistanyň Nawoi şäherinde türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji mejlisi geçirildi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.

«TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşmesiniň döredilmegi bilen türki dünýäniň edebiýaty uzaga gider. Biziň köpräk çärelerimiz bolar, biz bir-birimizi has gowy tanarys» - diýip, TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew öz gürrüňinde aýtdy we diliň we edebiýatyň üsti bilen türki dünýäsiniň birligini we raýdaşlygyny gazanmagyň wajypdygyny belledi.

«Biziň birligimiz – biziň güýjümizdir. Her bir pikir, her bir ädim türki dünýäsi üçin möhümdir» - diýip, Raýew nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň 2023-2024-nji ýyllarda geçirjek çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar, birleşmäniň müdiriýetini saýladylar, şeýle hem nobatdaky duşuşygyň geçirilmeli ýerini we wagtyny kesgitlediler.

«Türki dünýäsiniň Ýazyjylar birleşmesiniň birinji forumy ýokary derejede geçirildi» - diýip, birleşmäniň hormatly prezidenti, Azerbaýjanyň meşhur ýazyjysy Anar Rzaýew aýtdy, ol türki dünýäniň edebiýatyna goşan goşandy üçin «TÜRKSOÝ-yň Hormat Ordeni»bilen sylaglanypdy.

Mejlisiň çäklerinde «Mumtoz şeriýatyň» («Nusgawy poeziýanyň») şygyryýet festiwalynyň geçirilendigini hem belläp geçmelidiris.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026