HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy sosial torlarda türkmen dili hakynda rubrika badalga berdi

Aprel 04, 2023 | 05:32 |6685
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy özüniň Instagramdaky hasabynda Ene dilim atly täze rubrika badalga berdi. Onda türkmen diliniň dürli sözlerine seredip geçmekligi meýilleşdirýärler. Bölümde grammatikany öwrenmäge we gündelik sözleýişden parazit sözleri ýok etmäge aýratyn üns berler.Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy özüniň Instagramdaky hasabynda Ene dilim atly täze rubrika badalga berdi. Onda türkmen diliniň dürli sözlerine seredip geçmekligi meýilleşdirýärler. Bölümde grammatikany öwrenmäge we gündelik sözleýişden parazit sözleri ýok etmäge aýratyn üns berler.
Çeşme: instagram.com/ tkm.consulate.kazan

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy özüniň Instagramdaky hasabynda Ene dilim atly täze rubrika badalga berdi. Onda türkmen diliniň dürli sözlerine seredip geçmekligi meýilleşdirýärler. Bölümde grammatikany öwrenmäge we gündelik sözleýişden parazit sözleri ýok etmäge aýratyn üns berler.

«Döwletiň esasy alamatlarynyň biri dildir. Hut şonuň bilen islendik halkyň medeniýeti we taryhy baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda bize öz dilimizi ýetiripdirler we biziň wezipämiz —ony arassa görnüşde indiki nesillere geçirmekdir. Ýöne häzirki wagtdaky globallaşma, tehnologiýalaryň biziň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy dili ösdürmäge has dykgatly üns berilmegini talap edýär. Aýratyn hem bu tema türkmen diliniň watanynyň çäklerinden daşarda – daşary ýurtda ýaşaýan raýatlaryň arasynda möhüm ähmiýete eýe bolýar» – diýlip, konsullygyň habarynda aýdylýar.

Rubrikada seredip geçmek üçin alnan ilkinji söz «salawmaleýkim» boldy. Türkmen halk nakylynyň aýdyşy ýaly: «Edebiň başy – salamdyr». Bu her bir türkmeniň ulanýan sözüdir, ýöne onuň dogry ýazylyşyny her kim bilenok.

Ony «salowmaleýkim, salowmäleýkim, salamaleykum, salamwaleykim, salawmälik», käwagty bolsa hatda «salowwa» ýaly ýazýarlar.

Hemişelik ýatda saklalyň we dogry ýazalyň - «Salawmaleýkim».

Bu sözüň sinonimleri — «essalawmaleýkim» ýa-da ýöne «salam».

Däp bolup gelýän türkmen salamyna jogap edip: waleýkimessalam, waleýkim ýa-da aleýkim diýýärler.

Seredip geçmek üçin indiki sözi Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň Instagramdaky hasabyna— @tkm.consulate.kazan şahsy habar ýazmak arkaly ýüz tutup, teklip edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026