Planetanyň her altynjy ýaşaýjysy önelgesiz - BSGG-nyň hasabaty


Ýeriň uly ýaşly ilatynyň 17,5% ýa-da planetanyň her altynjy ýaşaýjysy önelgesizlikden ejir çekýär – diýlip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çap eden hasabatynda aýdylýar.
«Önelgesizlikden ejir çekýän adamlaryň sanynyň köp bolmagy önelgesizligi bejermäge elýeterliligiň giňeldilmeginiň zerurdygyny we bu temanyň ylmy barlaglar babatynda we saglygy goraýyşyň syýasatynda ikinji orna süýşürilmeli däldigi barada aýdylýar. Bu önelgesizlikde howpsuz, netijeli we gymmat bolmadyk kömegiň görnüşlerine elýeterliligi üpjün eder, ene-ata bolmaga ymtylýanlaryň ählisine ene-ata bolmaga kömek eder» - diýip, BSGG-nyň baş direktory Tedros Gebreýsus beýan etdi.
Önelgesizligi bejermek bilen baglanyşykly dürli tehnologiýalar ýeterlik maliýeleşdirilmedikdir we olaryň bahasynyň gymmat bolmagy sebäpli köp adamlar üçin elýeterli däldir – diýip, guramada hasaplaýarlar. Amallaryň gymmatlygy ösüp barýan ýurtlaryň ýaşaýjylaryny öz býujetiniň uly bölegini sarp etmäge mejbur edýär, bu bolsa sosial deňsizlik meselesini has hem çuňlaşdyrýar.
«Millionlarça adamlar önelgesizlik bilen bagly saglyk kömegine ýüz tutmagyň netijesinde ägirt uly möçberde lukmançylyk çykdajylaryny çekýärler, bu bolsa bu meseläni deňsizligiň çynlakaý faktorlarynyň birine öwürýär we köp halatlarda bu adamlar «garyplygyň hilesine» düşýärler» - diýip, BSGG-nyň jynsy we reproduktiw saglyk meseleleri departamentiniň müdiri Paskal Alotte belleýär.
Hasabatda bu ugurda täsirli strategiýany işläp düzmek üçin önelgesizlikden ejir çekýän adamlaryň obýektiw we giň statistikasyny ýöretmeklige çagyryş bar.
ORIENT habarlar








