HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DIM-niň halkara gatnaşyklar instituty açyk gapylar gününe çagyrýar

Aprel 05, 2023 | 10:45 |12600
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bu ýokary okuw mekdebine girmäge gyzyklanma bildirýänleri açyk gapylar gününe çagyrýar.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bu ýokary okuw mekdebine girmäge gyzyklanma bildirýänleri açyk gapylar gününe çagyrýar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bu ýokary okuw mekdebine girmäge gyzyklanma bildirýänleri açyk gapylar gününe çagyrýar.

DIM-niň HGI-y ýokary okuw mekdebine berkidilen orta mekdepleriň okuwçylary üçin öz gapylaryny açar. Ol mekdeplere 21-nji, 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy mekdepler degişlidir. Şeýle hem bu ýere harby gullugy geçen we önümçilikde meşgullanýan adamlar çagyrylýarlar.

Açyk gapylar gününe ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň halkara arenasyndaky üstünliklerini görkezýän diwarlyk taýýarlanylýar, şeýle hem hünärmenleriň okuwyň taýýarlyk ugurlary baradaky maglumaty taýynlanýar.

Baryp görýänleriň lingafon we interaktiw okuw auditoriýalaryna, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça okuw studiýasyna we Ylmy-usulyýet merkezine baryp görmäge mümkinçiligi bolar.

Açyk gapylar güni Aşgabatda 25-nji aprelde we 8-nji maýda sagat 15:00-da şu salgyda geçer: Galkynyş köçesi, bina 25.

Welaýatlardan bolan dalaşgärler üçin açyk gapylar günleri:

— Balkan welaýaty (10.04.2023 we 24.04.2023, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda);
— Daşoguz welaýaty (11.04.2023 we 25.04.2023, Türkmen oba hojalyk institutynda);
— Lebap welaýaty (12.04.2023 we 26.04.2023, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda);
— Mary welaýaty (13.04.2023 we 27.04.2023, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-02-63, 22-68-45.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026