Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny düzdi


Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça, Louis Vuitton и Dior brendleriniň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Telekeçi СЕО Tesla, SpaceX we Twitter-iň lideri Ilon Masky ikinji setire süýşürip, şu ýylky sanawda birinji orny eýeledi. Reýtingiň başy ilkinji gezek fransiýaly raýatyň ady bilen başlanýar.
Forbes neşiri Bernar Arnonyň baýlygyny 211 milliard dollarlyk, Ilon Maskyňkyny bolsa 180 milliard dollarlyk bahalandyrdy.
Üçünji orunda “Amazon” kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, dördünjide “Oracle” korporasiýasyny esaslandyryjysy we ozalky baş direktory Larri Ellison, bäşinji orunda “Berkshire Hathaway” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Uorren Baffett ornaşdy.”Forbes” žurnaly “L’Oréal” fransuz kompaniýasynyň eýesi Fransuaza Bentakury dünýäniň iň baý zenany (11-nji ýer) hasaplaýar. Onuň emlägi 80,5 milliard dollarlyk diýlip çaklanylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ozalkysy ýaly, milliarderleriň sanynyň köplügi bilen tapawutlanýar (735 adam), Hytaý 562 milliarder bilen ikinji ýerde durýar. Ondan soňky, üçünji orny 169 milliarder bilen Hindistan eýeleýär.
Millionerleriň reýtingi bilen hakyky wagtda tanyşmak
ORIENT news








