Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB-de Şengen wizasyny almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin gepleşiklere badalga berildi

Mart 31, 2023 | 17:36 |6340
ÝB-niň agza-döwletleri ähli döwletleriň raýatlary üçin Şengen wizasyny almak prosessini sanlylaşdyrmak meselesi boýunça gepleşiklere badalga berilmegini ylalaşdylar, ol prosessiň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.ÝB-niň agza-döwletleri ähli döwletleriň raýatlary üçin Şengen wizasyny almak prosessini sanlylaşdyrmak meselesi boýunça gepleşiklere badalga berilmegini ylalaşdylar, ol prosessiň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
Çeşme: arabianbusiness.com

ÝB-niň agza-döwletleri ähli döwletleriň raýatlary üçin Şengen wizasyny almak prosessini sanlylaşdyrmak meselesi boýunça gepleşiklere badalga berilmegini ylalaşdylar, ol prosessiň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Üýtgetmeler Şengen wizasyny almak üçin ýüz tutmany onlaýn-görnüşde tabşyrmaga mümkinçilik bermegi, häzirki wiza ýelmenýän kagyzyny sanly resminama bilen çalyşmaga niýetlenendir. Täze girizilme şeýle hem wiza stikerleriniň ogurlanmagy we galplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly töwekgelçilileri azaldar.

Ähli isleg bildirýänleriň Şengen wizasyny almak üçin ýüz tutma tabşyryp biljek ýeke-täk platformasyny döretmek meýilleşdirilýär. Web-saýtda islendik adam ähli gerekli maglumaty görkezip bilýär, resminamalaryň elektron nusgalaryny ýükläp bilýär, şeýle hem ýygymlary töläp bilýär.

Platforma şeýle hem anketanyň eýesine onuň ýüz tutmasy boýunça ahyrky karar barada habar berer.

Şengen wizasyny almak amalynyň sanlylaşdyrylmagy konsullyk gulluklaryna barmagy kemelder, sebäbi diňe ilkinji gezek resminama tabşyrýanlara konsullyga barmak gerek bolar, biometriki maglumatlary eýýäm güýçsüz bolan, şeýle hem daşary ýurt syýahatlary üçin täze resminamasy bolan şahslar konsullyga barmaly bolarlar.

Häzirki wagtda Şengen wizasyna ýüz tutýanlaryň ählisi söhbetdeşlik geçip, wizanyň görnüşine garamazdan birnäçe resminamalary görkezmelidirler.

Syýahatçylyk üçin Şengen wizasyny almak isleýänler degişli ýüz tutmanyň doldurylan formasyny, pasport, iki sany surat, iki tarapyna hem bileti sargyt edip goýmak, ýaşamak üçin ýeriň sargyt edilendigini tassyklamalydyrlar. Resminamalaryň bukjasy ÝB-ne syýahat etmek üçin saglyk ätiýaçlandyryşynyň bolmagyny hem talap edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026