HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda güýçli şemal bolmagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Mart 31, 2023 | 15:32 |30106
Apreliň ilkinji günleriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar, bu Eýran tarapdan gelýän sowuk atmosfera frontynyň täsiri bilen bolup geçer.Apreliň ilkinji günleriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar, bu Eýran tarapdan gelýän sowuk atmosfera frontynyň täsiri bilen bolup geçer.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Apreliň ilkinji günleriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar, bu Eýran tarapdan gelýän sowuk atmosfera frontynyň täsiri bilen bolup geçer.

Käbir welaýatlarda güýçli ýeliň bolmagyna, käbir ýerlerde güýçlüligi tupan derejesine çenli, ýagyşlaryň ýagmagyna, ýerli güýçli, tozanly tupanlaryň bolmagyna garaşylýar – diýip, Meteožurnal habar berýär.

Ahal welaýaty

Ýagyşlaryň ýagmagy bilen utgaşyp, howanyň temperaturasynyň peselmegine 1-nji aprelde Ahal welaýatynda syn ediler. Güýçli şemalyň bolmagyna, käbir etraplarda şemalyň tizliginiň – 18-23 m/s ýetmegine garaşylýar. Eger-de 31-nji martda temperaturasy +31-+34 gradusa ýetýän güneşli howa bolan bolsa, 1-nji aprelde termometriň sütüni +15 - +20 derejä çenli aşak düşer.

Balkan welaýaty

Tizligi sekuntda 18-23 m/s ýetýän güýçli şemal Balkan welaýatynda hem bolar. 15-30 mm çenli ygalyň ýagmagyna garaşylýar. Kenarýaka etraplarda temperatura +8 - +13 grdausa çenli aşaklap, howa birden sowar.

Daşoguz welaýaty

1-nji aprelde Daşoguz welaýatynda şemalyň tizligi 13-18 m/s çenli ýeter. Ýagyş ýagmagyna we tupan turmagyna garaşylýar.

Lebap welaýaty

Käbir ýerlerde tizligi – 17-22 m/s ýetýän tozanly gaý bilen gelýän şemal Lebap welaýatyndan hem geçer. Ygalyň ýagmagy we temperaturanyň ep-esli peselmegi mümkin.

Mary welaýaty

1-nji aprelde Mary welaýatynda güýçli ýel bolmagy, tizliginiň 18-23 m/s çenli ýetmegi mümkin. Günüň dowamynda howanyň birden sowamagy we esasy meteorologik görkezijileriň üýtgemegi mümkin.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026