HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt sebäpli 300 mln adam işini ýitirer- Goldman Sachs

Mart 30, 2023 | 15:07 |9523
ABŞ-da ýerleşýän dünýädäki iri maýa goýum banklarynyň biri Goldman Sachs emeli intellektiň (EI) ösmeginiň iş orunlarynyň 25%-niň doly awtomatlaşdyrylmagyna getirip biljekdigini çaklady.ABŞ-da ýerleşýän dünýädäki iri maýa goýum banklarynyň biri Goldman Sachs emeli intellektiň (EI) ösmeginiň iş orunlarynyň 25%-niň doly awtomatlaşdyrylmagyna getirip biljekdigini çaklady.
Çeşme: investingnews.com

ABŞ-da ýerleşýän dünýädäki iri maýa goýum banklarynyň biri Goldman Sachs emeli intellektiň (EI) ösmeginiň iş orunlarynyň 25%-niň doly awtomatlaşdyrylmagyna getirip biljekdigini çaklady.

Maýa goýum bankynyň bilermenleriniň pikirine görä, bütin dünýä boýunça 300 mln-a golaý adam ýakyn 10 ýylyň dowamynda işleriň dürli ugurlaryna emeli intellektiň ornaşdyrylmagy sebäpli öz iş ýerlerini ýitirip bilerler.

Emeli intelelkt (EI) eýýäm köp wagtdan bäri önümçilik, maliýe, lukmançylyk we ulag ýaly pudaklarda ulanylýar. Ýöne ýakyn wagtda ol kiçi işewürliklerdäki salgyt deklarasiýalaryny doldurmakda, çylşyrymly ätiýaçlandyryş hadysasyny bahalandyrmakda işgärleriň ornuny tutup başlar.

Bilermenleriň pikirine görä, EI gaýtalanýan hereketleri ýa-da ýönekeý analitiki meseleleri talap edýän ýumuşlary ýerine ýtirip biler. Netijede köp adamlar işsiz galyp bilerler.

ABŞ-da emeli intellekt boýunça ösüş fiziki zähmet bilen meşgullanýan işgärleriň 30% täsir etmez, işgärleriň 63% öz iş ýumuşlarynyň bir bölegini awtomatlaşdyryp bilerler, 7% bolsa işden çykarylmak howpy astynda bolarlar.

Generatiw emeli intellektiň peýdalanylmagynyň artmagy bilen bir wagtda bu tehnologiýalara edilýän maýa goýumlarynyň möçberi hem artar diýip, Goldman Sachs maýa goýum bankyň bilermenleri çak edýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

21:00 Iýul 25, 2026
Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

20:00 Iýul 25, 2026