HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki Maslahaty geçdi

Mart 31, 2023 | 15:05 |10152
Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin galyndylaryň nol derejesine geçmek temasy boýunça ýokary derejedäki Maslahaty geçdi – diýip, Türkmenistanyň BMG-daky diplomatiki wekilhanasynyň saýty habar berýär.Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin galyndylaryň nol derejesine geçmek temasy boýunça ýokary derejedäki Maslahaty geçdi – diýip, Türkmenistanyň BMG-daky diplomatiki wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin galyndylaryň nol derejesine geçmek temasy boýunça ýokary derejedäki Maslahaty geçdi – diýip, Türkmenistanyň BMG-daky diplomatiki wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Çärä gatnaşyşyjylaryň arasynda - BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkiýäniň birinji zenany Emine Ärdogan, BMGÖM-nyň ilatly nokatlar boýunça direktory Muýmanah Mohd Şarif we başgalar bar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa maslahatda adamyň daşky gurşawa edýän täsirini azaldýan dolanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy barada çykyş etdi.

Maslahatda Türkmenistan galyndylary gaýtadan işlemek we oba ýerlerini ösdürmekligiň hasabyna sebitleriň arasyndaky aratapawudy azaltmak boýunça öz milli tejribesini hödürledi. Bu kontekstde dolanyşykly tehnologiýanyň elementleri ulanylan Arkadag şäheriniň taslamasyna degilip geçildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri Türkiýe we daşky gurşaw baradaky BMGÖM-sy tarapyndan gurnalan ugurdaş çärä hem gatnaşdylar. Bu duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti täze Arkadag şäherinde galyndysyz tehnologiýalaryň aýratynlygy barada tanyşdyryş çäresini geçirdiler.

Halkara galyndysyz gününe Türkiýä tarapyndan başlangyç berilipdi. Maslahatyň barşynda häzirki wagtda ähli elektron galyndylaryň bary-ýogy 25%-niň howpsuz ýagdaýda ýok edilýändigi we gaty hojalyk galyndylarynyň diňe 55%-niň bolmalysy ýaly gözegçilik astynda gaýtadan işlenilýändigi barada maglumat aýdyldy.

Bu ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin pes uglerodly galyndysy bolan «akylly» şäherleriň Torunyň döredilendigi nygtaldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026